Keniýada harby dikuçar ýere gaçdy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 17 adam ýogaldy

1664298
Keniýada harby dikuçar ýere gaçdy

Keniýada harby dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde 17 esger ýogaldy. 

Ýurdyň paýtagty Naýrobi şäheriniň Kajiado etrabynda, düýn ýere gaçan dikuçaryň içinde jemi 23 adamyň bolandygy we dikuçaryň tälim maksatly bazadan ýola çykandygy habar berildi. 

Heläkçiligiň netijesinde dikuçaryň içindäki 17 esgeriň ýogalandygy, 6 esgeriň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Keniýanyň goşuny wakanyň başdan geçirilendigini tassyklady, emma ýaralanan adamlaryň takyk sanyny bermedi. 



Degişli Habarlar