ABŞ-da garrylar öýünde adam pidalary geçen ýyl artdy

ABŞ-daky garrylar öýündäki adam pidalary 2020-nji ýylda 32 göterim artdy

1663285
ABŞ-da garrylar öýünde adam pidalary geçen ýyl artdy

ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan taýarlanan habarnamada, koronawirus epidemiýasynyň esasy täsirli bolan 2020-nji ýylda, döwletiň saglygy goraýyş ulgamyndan peýdalanýan garrylar öýünde ýaşaýan adamlaryň arasyndaky adam pidalarynyň 2019-njy ýyla garanyňda 32 göterim artandygy mälim edildi. 

Habarnamada garrylar öýündäki saglygy goraýyş kömegini alýan her 10 syrkawyň 4-siniň 2020-nji ýylda Kowid-19-a ýolugandygy we 2019-njy ýyla garanyňda 169 müň 291 adamdan köp ýitgi çekilendigi aýan edildi. 

Habarnamanyň üstünde işleýän Sebitleýin Baş inspektoryň orunbasary Nensi Harrison: "Garrylar öýlerindäki syrkawlar näme sebäpli bular ýaly goragsyz galdylar? Hakykatdan hem bu meseläni derňemelidiris" diýip belledi. 

Kowid-19 epidemiýasynyň 2020-njy ýylyň başyndaky ilkinji tolkun hasabatlaryny öz düzüminde jemleýän iň uly delodygy bellenen habarnamada, garrylar öýlerinkdäi asly aziýaly bolan amerikalylarda hasaba alynan Kowid-19-a ýoluganlaryň we adam ýitgileriň, asly afrikaly we latyn amerikalylara garanyňda ýokarydygy beýan edildi. 



Degişli Habarlar