Afrikada Terror Hüjümlerinde 2 Mün Adam Ýogaldy

Günbatar Afrika ýurtlarynda geçen ýyl guralan 700 terror hüjüminde esgerler bilen birlikde 2 müň adam aradan çykdy

1662078
Afrikada Terror Hüjümlerinde 2 Mün Adam Ýogaldy

Günbatar Afrika ýurtlarynyň Ykdysady toparynyň Başlygy Ýan-Klod Kissi Brou beren beýannamasynda, terrorçylaryň sebitiň durnuklylygyna wehim salmaga dowam edýändigini aýtdy.

Brou, topara girýän ýurtlaryň howplylyk meseleleriniň sebit üçin henizem alada bolmagynda galýandygyny nygtap; “Topara girýän ýurtlaryň, esasanda frontdakylaryň ýokary tagallasyna garamazdan 2020-nji ýylda 700 terror hüjümi guraldy we şol hüjümlerde harbylardan we asuda ilatdan 2 müň adam ýogaldy” diýdi.

Hüjümleriň esasan Burkino Fasoda, Malide, Nigerde we Nigeriýada guralandygyny nygtan Brou, sebitdäki ýurtlaryndan mahrum edilýän adamlaryň sanynyň artandygyny aýtdy.

Brou, sebitde terror hüjümleriniň bes edilmegi üçin liderleriň tagallasynyň depgininiň güýçlendirilmegi üçin çagyş etdi.



Degişli Habarlar