Reisi: "Daşary syýasatymyz ýadro ylalaşygy bilen çäkli galmaz" diýdi

Eýranda 18-nji iýunda geçirilen Prezident saýlawynda üstünlik gazanan konserwator Ibrahim Reisi, öz hökümeti döwründe daşary syýasatynyň ýadro ylalaşygy bilen çäkli galmajakdygyny beýan etdi

1662203
Reisi: "Daşary syýasatymyz ýadro ylalaşygy bilen çäkli galmaz" diýdi

Eýranyň 8-nji Prezidenti hökmünde saýlanan Reisi, paýtagt Tähran şäherinde ýerli we daşary ýurtly metbugat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen metbugat ýygnagynda içeri we daşary syýasaty barada beýanat berdi. 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşyk geçirip-geçirmejekdigi bilen bagly soraga "Ýok" diýip jogap beren Reisi: "Baýden näme sebäpli ozalky hökümetleriň beren sözlerine berjaý etmeýär? ABŞ-nyň hökümetine beren wadalaryna gaýdyp gelmeklerini we sanksiýalary aýyrmaklaryny maslahat berýärin" diýip habar berdi. 

Halkyň eklenç kynçylygynyň we iş mümkinçilikleriniň artdyrylmagynyň içerki syýasatda ileri tutuljak ugurlar boljakdygyny aýdan Reisi: "Dünýä indi täze şertler bilen ýüz-ýüze galdy. Soňky saýlaw bilen birlikde Eýranda şertler üýtgedi. Maksimum basyş syýasaty netije bermedi. Şol syýasatlaryny gözden geçirmekleri we ondan ýüze öwrümekleri gerek. Daşary syýasatymyz bolsa ýadro ylalaşygy bilen başlamaz we ýadro ylalaşygy bilen çäkli galmaz" diýip mälim etdi.

Reisi ABŞ-nyň ýadro ylalaşygynyň düzgünini bozandygyny we ÝB ýurtlarynyň sözlerinde durmandygyny belläp, bähbitlerini üpjün etjek islendik gepleşige goldaw berjekdiklerini aýan etdi. 

Reisi: "Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar hökümetimiziň ileri tutulýan ugurlarymyzy arasynda bolar. Saud Arabystany bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda we ilçihanalaryň açylmagynda biz tarapdan hiç hili garşylyk ýokdyr" diýip habar berdi. 

Daşary ýurt metbugat gulluklarynyň özi bilen baglanşykly ýazýan tankydy belliklerine jogap beren Reisi, hemişe adam hukuklaryny gorandygyny öňe sürdi. 



Degişli Habarlar