ABŞ Hytaýa duýduryş berdi

ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk maslahatçysy Jeýk Salliwan, Hytaýyň Kowid-19 epidemiýasyna sebäp bolan wirusyň gelip çykyşy barada hakyky derňewiň geçirilmegine rugsat bermän halatynda halkara izolýasiýa sezewar galyp biljekdigi barada duýduryş berdi

1662122
ABŞ Hytaýa duýduryş berdi

ABŞ-nyň mediasynda berilen habara görä, ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk maslahatçysy Jeýk Salliwan häzirki nokatda hemle we ultimatum bermejekdiklerini belläp, etjek zatlarynyň halkara jemgyýetden goldaw ýygnamaga dowam etjekdiklerini habar berdi. 

Hytaýyň jogapkärçilikleirni ýerine ýetirmän halatynda, oňa nähili jogap berjekdiklerini gözden geçirjekdiklerini aýdan Jeýk Salliwan: "Muny hyzmatdaşlar bilen bilelikde sazlaşyk içinde ederis" diýip mälim etdi. 

Jeýk Salliwan, Hytaýyň Kowid-19 epidemiýasyna sebäp bolan wirusyň gelip çykyşy barada hakyky derňewiň geçirilmegine rugsat bermän halatynda halkara izolýasiýa sezewar galyp biljekdigi barada duýduryş berdi. 



Degişli Habarlar