Eýranda konserwatorlar dalaşgärleri Reisiniň Prezidentlige saýlanmagyny belläp geçdiler

Eýranda konserwator partiýanyň tarapdarlary dalaşgärleri bolan Ibrahim Reisiniň Prezident wezipesine saýlanmagyndan soň paýtagt Tähran şäherinde dabara geçirdiler

1661435
Eýranda konserwatorlar dalaşgärleri Reisiniň Prezidentlige saýlanmagyny belläp geçdiler

Eýranda anna güni geçirilen saýlawlaryň netijesiniň resmi ýagdaýda yglan edilmeginden soň, konserwator partiýanyň tarapdarlary ýurdyň paýtagty Tähran şäherindäki Ymam Hüseýin meýdançasyna ýygnandylar. 

Ol ýerdäki dabarada çykyş eden konserwatorlar, Hasan Ruhaniniň ýolbaşçylygyndaky hökümeti tankyt edip, Ibrahim Reisi üçin şygarlar aýtdylar. Dabaranyň çäginde feýerwerkler atyldy. 

Eýranyň Içeri işler ministrliginiň Saýlaw merkeziniň başlygy Jemal Ört, sesleriň 62 göterimini alan Ibrahim Reisiniň saýlawyň 1-nji tapgyrynda saýlanmak üçin gerek bolan 50+1 göterim çäkden geçip, ýurdyň 8-nji Prezidenti bolandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar