Türkiýe, BMG-nyň Baş Sekretarlygyna İkinji Gezek Saýlanan Antoniu Guterreşi Gutlady

Türkiýe BMG-nyň maksadyna ýetmegi üçin BMG-nyň Baş sekretaryna we BMG-nyň alyp barýan işlerine goşant goşmaga dowam eder

1660994
Türkiýe, BMG-nyň Baş Sekretarlygyna İkinji Gezek Saýlanan Antoniu Guterreşi Gutlady

 

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň, Guterreşiň bu wezipä ikinji gezek 5 ýyl möhlet bilen saýlanandygy hakynda 2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda karar kabul edendigi nygtaldy.

Beýannamada, “Jenap Guterreşi ýaňadandan BMG-nyň Baş sekretarlygyna saýlananmagy bilen mähirli gutlaýarys. BMG-nyň Baş sekretary Guterreşiň täze döwürde hem ýurdumyz bilen edýän dostlukly gatnaşyklaryny dowam etdirjekdigine ynanýarys” diýildi.

Beýanamada, Türkiýäniň BMG-nyň maksadyna ýetmegi üçin BMG-nyň Baş sekretaryna we BMG-nyň alyp barýan işlerine goşant goşmaga dowam etjekdigi bellenildi.



Degişli Habarlar