Ibrahim Reisi Eýranyň Täze Prezidenti Boldy

13-nji prezident saýlawynda Ibrahim Reisi üstünlik gazandy

1661022
Ibrahim Reisi Eýranyň Täze Prezidenti Boldy

Eýranda geçirlen prezident saýlawynyň resmi bolmadyk netijelerine görä, konserwator dalaşgär Ýokary kazyýetiň başlygy Ibrahim Reisi ýurduň 8-nji prezidenti boldy.

Eýranda düýn geçirlen saýlawyň resmi netijeleriniň Içeri işler ministrliginiň saýlaw merkezi tarapyndan beýan edilmegine garaşylýar.

Beýleki tarapdan saýlawyň resmi bolmadyk netijelerinde görä, 13-nji prezident saýlawynda Ibrahim Reisi üstünlik gazandy.

Prezident saýlawynyň beýleki dalaşgärleri beren beýannamalary bilen Ibrahim Reisi saýlawda gazanan üstünlikleri bilen gutlady.

Prezident Hasan Ruhani, halkyň saýlan prezidentiniň belli bolandygyny nygtap 45 gün soň wezipesini oňa tabşyrjakdygyny aýtdy.



Degişli Habarlar