“Demirgazyk Koreýa, ABŞ Bilen Hem Dialoga Hem-de Çaknyşmaga Taýar Bolmaly”

Kim, ýurdunyň Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky ABŞ bilen “hem dialoga hem-de çaknyşykmaga” taýar bolmagyny isledi.

1660652
“Demirgazyk Koreýa, ABŞ Bilen Hem Dialoga Hem-de Çaknyşmaga Taýar Bolmaly”

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim, ýurdunyň ABŞ bilen hem dialoga hem-de çaknyşmaga taýar” bolmalydygyny aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň resmi KJNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, häkimiýetiň başyndaky Koreýa işçi partiýasynyň kongresinde çykyş eden Kim, ýurdunyň ABŞ meselesinde alyp barýan syýasatlary hakynda durup geçdi.

Kim, ýurdunyň Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky ABŞ bilen “hem dialoga hem-de çaknyşykmaga” taýar bolmagyny isledi.

Kimiň beýannamasyny analiz eden Günorta Koreýadaky Sežong institutsy bolsa, Demirgazyk Koreýanyň gepleşikleriň başlamagyna oňyn garaýandygyny emma ýadro ýaraglaryndan ýüz öwürmegi üçin berilýän çagyryşlara bolsa gulak asmajakdygyny nygtady.

13-nji iýunda G-7-niň liderler maslahatynda, Koreýa Ýarymadasynyň ýadro ýaraglaryndan dolulygyna saplanmalydygy nygtalypdy we Demirgazyk Koreýanyň ýadro maksatnamasyndan ýüz öwürmelidigini nygtan lider, Kime dialog çagyryşyny beripdi.



Degişli Habarlar