“Bir Taraply Oýun Bolmaz”

Russiýanyň Daşary işler ministri Serget Lawrow Putin bilen Baýdeniň duşuşygy hakynda berilýän analizler hakynda garaýyşlaryny beýan etdi

1660719
“Bir Taraply Oýun Bolmaz”

Lawrow Amerikan resmileriniň duşuşyk hakynda diňe öz islegleri hakda aýdýandyklaryny nygtap: “Şeýle analiz berýänleriň eşitmegini isleýärin; bir taraply oýun bolmaz” diýdi.

Sergeý Lawrow Belarusyň Daşary işler ministri Wladimir Makeý bilen Moskwada geçiren duşuşygyndan soň bilelikde metbugat ýygnagyny gurady.

Putin bilen Baýdeniň Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde 16-njy iýunda duşuşandygyny ýatladan Lawrow; “Her bir halkyň öz taryhy, gymmatlyklary, medeniýeti we däp-dessurlary bar. Ol, duşuşykda kabul edildi. Şol faktora sarpa goýulmasa hem, bularyň bolşy ýaly kabul edilmegi we olara üns berilmegi möhüm. Ol, döwrebap dünýäniň talabydyr” diýdi.

Liderleriň Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik missiýalaryň wekilhanalarynyň, meseläniň çözülmegi boýunça ylalaşandyklaryny ýatladan Lawrow, onuň “şol bir wagtda” başlangyçlaryň edilmegi bilen mümkin boljakdygyny nygtady.

Lawow Russiýa bilen ABŞ-nyň ilçileriniň işleriniň başyna dolanmaklary boýunça ylalalaşandygyna ünsi çekdi.

Onuň möhüm “simwoliki asyllylykdygyna” ünsi çeken Lawrow: “Ol, amerikalylaryň emele getiren bökdençliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin şert döredýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar