Baýden Bilen Erdogan Kabulyň Howa Menzili Boýunça Ylalaşdy

Ylalaşyga laýyklykda Türkiýe howa menziliniň howpsuzlygyny üpjün eder

1660556
Baýden Bilen Erdogan Kabulyň Howa Menzili Boýunça Ylalaşdy

ABŞ-nyň hökümeti Prezident R.T.Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň duşuşygynda Kabulyň howa menzili boýunça umumy ylalaşygyň gazanylandygyny we Baýdeniň oňa goldaw berjekdigini beýan etdi.

Ak Tamyň Milli howpsuzlykdan jogapkär geňeşçisi Jek Sýulliwan metbugatyň wekillerine telefon arkaly brifing berdi.

Erdogan bilen Baýdeniň duşuşygyna gatnaşan Sýulliwan; “Baýden-Erdogan duşuşygynda S-400 raketa goranyş ulgamy gün tertibine geldi. Bu meselede ylalaşyk gazanylmady, emma dialogyň dowam etmegi üçin wada berildi” diýdi.

Sýulliwan duşuşykda ABŞ-nyň Owganystan çekilmeginden soň Kabulyň howa menziliniň howpsuzlygy meselesiniň gün tertibine gelendigini beýan edip: “Przident Erdogan şol howa menziliniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi meselesinde belli goldawyň gerek boljakdygyny aýtdy, Baýden bolsa goldaw berjekdiklerini kepillendirdi” diýdi.

Liderleriň egindeşlerine iş meýilnamasynyň düzülmegi üçin tabşyryk berendiklerine ünsi çeken Sýulliwan: “Türkiýäniň Halkara Hamid Karzai howa menziliniň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde öňbaşçy pozisiýa eýelemegi boýunça ylalaşyk gazanyldy. İndi bolsa onuň iş ýüzüne geçirilmeginin üstünde işleýäris” diýdi.

Sýulliwan Talibanyň Kabuldaky diolomatik we howpsuzlyk zolaklara hüjüm gurama ähtimallygyna alada bildirýändiklerini beýan etdi.



Degişli Habarlar