Ruhani ABŞ-nyň Sanksiýalarynyň Bes Edilmegini Isleýär

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ABŞ-nyň sanksiýalarynyň soňky tapgyryna gelinendigini we onuň bes edilmegini isleýändigini aýtdy

1659165
Ruhani ABŞ-nyň Sanksiýalarynyň Bes Edilmegini Isleýär

Paýtagt Tähranda Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama beren Ruhani, Awstriýanyň paýtagty Wenada ýadro ylalaşyklary boýunça dowam edýän gepleşikler we sanksiýalar hakynda durup geçdi.

Ruhani başga ýurtlardan azyndan 50-60 milliard dollar karz alyp, maýa goýma mümkinçilikleri barka, ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Trampyň onuň öňüni alandygyny beýan etdi.

Wenadaky gepleşiklere ünsi çeken Eýranyň Prezidneti: “Sanksiýalaryň soňky tapgyryna geldik. Bu sözüň nähili netijesizdigini bilýärin. Sanksiýalaryň bes edilmegini isleýäris. Bu hökümetiň iş möhleti gutarýança sanksiýalaryň bes edilmegini tama edýäris” diýdi.

Içerki syýasat hakynda-da beýannama beren Ruhani, 18-nji iýunda geçiriljek prezident saýlawynda dalaşgärleriň kesgitleniş we propoganda tapgyrypda uly adalatsyzlyklaryň edilendigini aýtdy.

Iki döwür wezipe başyna gelendigi üçin gaýtadan dalaşgär bolup bilmedik Ruhani; “Saýlawlar biziň üçin möhüm. Saýlaw uçastoklaryna baryp ses bereliň” diýdi.



Degişli Habarlar