"Ilçiler Wezipelerine Başlar”

Putin, ABŞ-nyň tussaglykdaky raýatlarynyň yzyna berilmegi meselesinde egilşik edip biljekdigini nygtady.

1659529
"Ilçiler Wezipelerine Başlar”

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde duşuşdy.

Duşuşykdan soň metbugta beýannama beren Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Baýden bilen kiber howpsyzlyk meselesi boýunça gepleşikleriň başlamagy üçin ylalaşyk gazanandyklaryny we munyň diýseň möhümdigine ünsi çekdi.

Putin, ABŞ-nyň tussaglykdaky raýatlarynyň yzyna berilmegi meselesinde egilşik edip biljekdigini nygtady.

Rus lideri Putin “Baýden bilen ABŞ-nyň we Russiýanyň diplomatlarynyň yzyna dolanmaklary meselesinde ylalaşyk gazandyk. Ilçiler wezipelerine başlar” diýdi.

Putin “Daşary işler ministrleri derejesinde gepleşikler geçirler. Hem ABŞ-nyň hem-de Russiýanyň ýadro meselesinde uly jogapkärçiligi bar. İki tarap Täze Start şertnamasy üçin gepleşikler geçirer” diýip belledi.



Degişli Habarlar