Demirgazyk Koreýanyň Lideri Ýurdundaky Gytçylyga Alada Bildirýär

Demirgazyk Koreýanyň lideri, ykdysady kynçylyklara garamazdan Kovid-19 sebäpli girizilen çäklendirmeleriň dowam etjekdigini ýatlatdy

1659182
Demirgazyk Koreýanyň Lideri Ýurdundaky Gytçylyga Alada Bildirýär

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim, ýurtdaky azyk ýetmezçiligi meselesinde duýduryş berdi

Demirgazyk Koreýanyň resmi habarlar gullugy Kore KJNA-nyň berýän habaryna görä, häkimiýetiň başyndaky Işçi partiýasynyň Merkezi komitetiniň düýnki maslahatynda çykyş eden Kim, Demirgazyk Koreýanyň başdan geçirýän kynçylyklarynyň ortadan aýrylmagy meselesinde halkara jemgyýetçiligine gepleşik geçirmek üçin çagyryşyny berdi.

Kim, ady agzalýan çagyryşynda ABŞ bilen günorta goňşusynyň adyny açyk agzamady.

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeleriň we 2020-njy ýylda başdan geçirlen sil apatlarynyň ykdysadyýete oňaýsyz täsirini ýetirendigini nygtan Kim, gytçylyk meselesinde duýduryş berdi.

Kim, ýurtdaky azyk ýetmezçiligine alada bildirýändigini belledi.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim, ykdysady kynçylyklara garamazdan Kovid-19 sebäpli girizilen çäklendirmeleriň dowam etjekdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar