ABŞ we Russiýa Bilelikdäki Jarnamany Kabul Etdiler

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde duşuşdy.

1659643
ABŞ we Russiýa Bilelikdäki Jarnamany Kabul Etdiler

Duşuşykdan soň metbugata beýannama beren ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden; “Putine Russiýa ýa-da haýsydyr bir başga ýurda garş meniň maksadymyň ýokdugyny, onuň Amerikan halky üçindigini aýtdym” diýdi.

Baýden Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putina adam hukuklary meselesindäki aladalaryny beýan edendigini we onuň dowam etjekdigini aýdandygyny nygtady.

Jo Baýden Putin bilen täze we çylşyrymly ýaraglaryn ýaýramagynyň öňüni almak üçin strategik durnuklylyk dialog mehanizmini döretmek boýunça ylalaşandyklaryny aýtdy.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bolsa, Baýden bilen kiber howpsyzlyk meselesi boýunça gepleşikleriň başlamagy üçin ylalaşyk gazanandyklaryny we munyň diýseň möhümdigine ünsi çekdi.

Putin, ABŞ-nyň tussaglykdaky raýatlarynyň yzyna berilmegi meselesinde egilşik edip biljekdigini nygtady.

Rus lideri Putin “Baýden bilen ABŞ-nyň we Russiýanyň diplomatlarynyň yzyna dolanmaklary meselesinde ylalaşyk gazandyk. İlçiler wezipelerine başlar” diýdi.

Putin “Daşary işler ministrleri derejesinde gepleşikler geçirler. Hem ABŞ-nyň hem-de Russiýanyň ýadro meselesinde uly jogapkärçiligi bar. İki tarap Täze Start şertnamasy üçin gepleşikler geçirer” diýip belledi.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Prezidentiniň Diwany Putin bilen Baýdeniň dduşuşygyndan soň ylalaşylan bilelikdäki jarnamany çap etdi.

Jarnamada Russiýa bilen ABŞ-nyň dartgynly döwürlerde-de strategik taýdan birsydyrgynlygy üpjün etmek, ýaragly çaknyşyk howplaryny we ýadro söweş wehimini azaltmak boýunça umumy maksatlara ýetmek üçin tagalla edip biljekdiklerini görkezendiklerini nygtalýar.

ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky Täze strategik ýaraglaryň azaldylmagy hakyndaky ylalaşygyň “Taze START) möhletiniň birnäçe wagt öň uzaldylandygyna üns çekilýän jarnamada; “Täze START-yň möhletiniň uzaldylmagy ýadro ýaraglarynyň gözegçiligine bolan tabynlygymyzyň delillendirijisi bolup durýar. Şu günki günde ýadro söweşinde üstün çykanyn bolmajakdygyny we şeýle söweşiň hiç haçan başlamajakdygyna bolan tabynlygymyzy ýene-de bir gezek nygtaýarys” diýilýär.

Şol maksatlara ýetmek üçin Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda ýakyn gelejekde giňeldilen geňeşmeleriň başlajakdygyna üns çekilýän jarnamada; “Strategik durnuklylyk boýunça mizemez we güýçli, giň gerimli özara dialog başladylar. Şol dialog arkaly gelejekdäki ýarag gözegçiliginiň hem-de howplary azaldyjy çäreleriň özenini emele getirmek isleýäris” diýilýär.



Degişli Habarlar