ABŞ-na Kowid-19-yň 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ýetendigi baradaky subutnamalar köpelýär

Koronawirus epidemiýasynyň 2019-njy ýylyň dekabr aýyndan başlap ABŞ-nda ýaýrandygy baradaky subutnamalar köpelýär

1659105
ABŞ-na Kowid-19-yň 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ýetendigi baradaky subutnamalar köpelýär

Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň geçen ýylyň başynda 24 müň amerikalydan alynan gan nusgalarynyň üstünde geçirilen giň-gerimli analizlere görä, Kowid-19 wakalarynyň 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ýurdyň käbir sebitlerinde gabat gelinendigi baradaky ynanjyň artandygy mälim edildi. 

Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň resmisi Natali Tornburg: "Geçirilen işler örän yzygiderli. Bu ýerde biziň çak edişimizden hem ozal wirus wakalary bardy, emma fewral aýynyň ahyryna çenli ol diýen ýaýramady diýip pikir edýäris" diýip habar berdi. 

Kowid-19 epidmeiýasy 2019-njy ýylyň ahyrynda Hytaýyň Uhan şäherinde ýüze çykypdy, 15-nji ýanwarda Uhan şäherinden gaýdyp gelen we 19-njy ýanwarda Waşington ştatyndaky klinikalaryň birinde bejergi astyna alynan bir amerikalyda hasaba alynan infeksiýa bolsa ABŞ-da ilkinji waka hökmünde kabul edilipdi. 



Degişli Habarlar