Hytaý NATO çagyryş berdi...

NATO Hytaýyň ambisiýalarynyň we tankydy hereketleriniň halkara düzgüne we alýansyň howpsuzlygy bilen baglanşykly ugurlara ulgamlaýyn häsýetde kynçylyk döredýändigini belledi

1658515
Hytaý NATO çagyryş berdi...

Hytaý NATO-nyň resmi Pekiniň halkara düzgün kada ulgamlaýyn häsýetde kynçylyk döredýändigi baradaky tankydy bellikleri bilen bagly Hytaý howpunyň ulaldylmazlygy babatynda çagyryş berdi. 

Hytaýyň Ýewropa Bileleşigi missiýasyndan berilen ýazmaça beýanatda, Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde düýn geçirilen NATO-nyň liderler maslahatynda alýansyň "Resmi Pekiniň parahatçylykly galkynyşyny tankyt edendigi" öňe sürüldi. 

Beýanatda NATO-nyň resmi Pekiniň halkara düzgün kada ulgamlaýyn häsýetde kynçylyk döredýändigi baradaky tankydy bellikleriniň söwuk söweş düşünjesinden we polorizasiýa syýasatynyň dowamyndan ybaratdygy beýan edildi. 

Hytaýyň goranyş syýasatynyň tebigy ýagdaýda goranyş maksatlydygy, harby modernizasiýa işleriniň bolsa makuldygy we açykdygy bellenen beýanatda, NATO-nyň Hytaýa garşy alyp barjak syýasatynyň ýakyndan gözegçilik ediljekdigi aýan edildi. 

Beýanatda Hytaýyň hiç kime ulgamlaýyn häsýetde kynçylyk döretmeýändigi, emma özüne golaýlaşan ulgamlaýyn kynçylyklarada oturyp tomaşa etmejekdigi habar berildi. 

Beýanatda mundan başgada NATO-nyň energiýasyny, dialogy we hyzmatdaşlygy, halkara we sebitleýin howpsuzlygy we durnuklylygy höweslendirmäge sarp etmeginiň gerekdigi aýan edildi. 

Brýusselde düýn geçirilen NATO maslahatyndan soň çap edilen umumy jarnamada, Hytaýyň ambisiýalarynyň we tankydy hereketleriniň halkara düzgüne we alýansyň howpsuzlygy bilen baglanşykly ugurlara ulgamlaýyn häsýetde kynçylyk döredýändigi mälim edildi. 


Etiketkalar: #çagyryş , #Hytaý , #beýanat , #NATO

Degişli Habarlar