Baýden Bilen Putin Ženewada Duşuşdy

Duşuşygyň öňüsyrasynda metbugata beýannama beren Putin, duşuşyk üçin Baýdene sagbolsun aýtdy

1659412
Baýden Bilen Putin Ženewada Duşuşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda metbugata beýannama beren Putin, duşuşyk üçin Baýdene sagbolsun aýtdy.

Rus lideri Putin “Duşuşygyň geçirilmegi üçin uly tagalla etdiňiz. Russiýa-Amerika gatnaşyklarynda ýokary derejede seljerilmeli birnäçe mesele bar. Duşuşygymyzyň netijeli geçjekdigine ynanýaryn” diýipdi.

Putin bilen Baýdeniň aýry aýry metbugata beýannama bermegine garaşylýar.



Degişli Habarlar