Ysraýyl Gonamçylyklara Hüjüm Etdi

Ysraýylyň hüjümlerinde 6 gonamçylyk bombalandy

1658548
Ysraýyl Gonamçylyklara Hüjüm Etdi

Ysraýyl Gaza Sektoruna guran hüjümlerinde ilatly ýerler bilen birlikde gonamçylyklary hem nyşana aldy.

Ysraýylyň gabawy astyndaky Gaza Sektoruna 10-njy maýda başladan hüjümleri Hamas bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda 21-nji maýda bes edildi.

11 gün dowam eden hüjümlerde 66 sanysy çaga, 39 sanysy zenan jemi 254 palestinaly ýogaldy, 1948 adam ýaralandy, müňlerçe bina doly ýykyldy ýa-da hatardan çykdy.

Gaza Sektorunyň dürli etraplarynda esasan ilatly ýerleri we köp gatly binalary nyşana alan Ysraýylyň harby uçarlary, gonamçylyklary hem bombalady.

Hüjümlerde köp sanly gonamçylyk ýykyldy, käbir jesetler ýitdi, käbirlerinde bolsa uly çukurlar emele geldi.

Gazadaky Palestin Gaznalary we Din İşleri Ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň hüjümlerinde Gaza Sektorunyň dürli etraplarynda 6 gonamçylygyň bombalanandygy mälim edildi.



Degişli Habarlar