Putin: "Rus-Amerikan gatnaşyklary ABŞ-daky içerki syýasy çekişmelere gurban gitdi" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Rus-Amerikan gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda ABŞ-nyň içerki syýasy çekişmelerine gurban gidendigini belledi

1658299
Putin: "Rus-Amerikan gatnaşyklary ABŞ-daky içerki syýasy çekişmelere gurban gitdi" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen ertir Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirjek duşuşygyndan ozal ABŞ-nyň NBC kanalyna beren beýanatynda, güntertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi. 

Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň üstünde durup geçen Putin, ABŞ bilen ençeme ugur boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýardyklaryny belläp: "Halkara gatnaşyklarda durnuklylyk we öňdengörüjilik iň möhüm gymmatlyklardyr. Amerikan hyzmatdaşlarymyz tarapyndan geçenki ýyllarda hem bu babatda olar ýaly zat görmedik" diýip habar berdi. 

Putin ABŞ-nyň Russiýany saýlawlara goşulmak we kiber hüjümler guramak ýaly meseleler bilen günäkärleýändigine ünsleri çekip: "Rus-Amerikan gatnaşyklary ABŞ-daky içerki syýasy çekişmelere gurban gitdi" diýip belledi. 

Ozal ABŞ-na kiber ugry boýunça bilelikde işleşmek barada teklip bildirendiklerini ýatladan Putin, ABŞ-nyň şol teklibi ret edendigini aýan etdi. 

NATO-nyň kiber ugruny söweş meýdany hökmünde yglan edendigini ýatladan Putin, Russiýanyň ondan biynjalyk bolandygyny beýan etdi. 

Hytaýyň 4-nji uçargöter gämisini (awianoses) gurýandygy bilen bagly soragyň üstünde durup geçen Putin, onuň Russiýa üçin howp emele getirmeýändigini habar berdi. 

Putin ABŞ-nyň Hytaýa garanyňda has köp uçargöter gämisine eýedigini beýan etdi. 

Russiýada tussaglykda bolan rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý bilen arabaglanşykly bolan edaradyr-kärhanalara ekstrmist hökmünde yglan edilmeginiň hem üstünde durup geçen Putin, ýurtda daşary ýurtly içalylar kanunynyň güýje girendigini ýatladyp: "Bu biziň öňe süren zadymyz däl. Daşary ýurtly içalylar kanuny ABŞ-da 1930-njy ýylda kabul edildi. Şol kanun biziňkä garanyňda has hem berk. ABŞ-nyň içeri syýasy durmuşyna goşulmagyň öňüniň alynmagy maksady bilen kabul edildi. Umuman alanyňda şol kanunyň dogrudygyny pikir edýärin" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar