Afrinde Bombaly Hüjüm Guraldy

Tel Ryfatda hassahana guran hüjüminde biri bäbejik asuda ilatdan 14 adam ýogalypdy, 32 adam hem ýaralanypdy.

1658541
Afrinde Bombaly Hüjüm Guraldy

Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Afrin etrabynda bombaly ulag bilen guralan terrorçylykly hüjümde 1 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy.

Afriniň gündogarynda Kefer Jenne obasyndaky gözegçilik merkezinde ulaga goýlan bomba ýaryldy.

Terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä, 1 adam ýogaldy, 2 adam hem ýaralandy.

Howpsyzlyk güýçleri, terrorçylykly hüjümiň ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny öňe sürýär.

Terror guramasy ÝPG/PKK-nyň 12-nji iýunda Tel Ryfatda hassahana guran hüjüminde biri bäbejik asuda ilatdan 14 adam ýogalypdy, 32 adam hem ýaralanypdy.

Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Afrin etrabynyň Kefer Jenne obasy 2018-nji ýylyň mart aýynda “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň çäginde ÝPG/PKK-ly terrorçylardan saplanypdy.



Degişli Habarlar