Owganystanyň demirgazygyndaky ýene-de bir etrap Talibanyň gözegçiligi astyna geçdi

Owganystanyň demirgazygyndaky Sari Pul welaýatynyň Saýýad etrabynyň gözegçiligi Talibanly başbozarlaryň eline geçdi

1657647
Owganystanyň demirgazygyndaky ýene-de bir etrap Talibanyň gözegçiligi astyna geçdi

Sari Pulyň welaýat Şurasynyň wekili Esedullah Hurram, Talibanly başbozarlaryň 4 aýry tarapdan Saýýad etrabynyň merkezine hüjüme geçendigini habar berdi. 

Hüjümleriň netijesinde etrabyň merkeziniň Talibanyň gözegçiligi astyna geçendigini aýdan Hurram, howpsuzlyk güýçleriniň bolsa etrabyň merkezinden yzyna çekilendigini mälim etdi. 

Hurram, hüjümiň netijesinde ýüze çykan ýaragly çaknyşyklarda taraplaryň ikisiniň hem ýitgi çekendigini aýan etdi. 

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa, Saýýad etrabynyň merkezine guralan hüjümiň netijesinde 45 howpsuzlyk gullukçysynyň öldürilendigi öňe sürüldi. 

Soňky gezek bolsa 2 gün ozal ýurdyň günbataryndaky Gor welaýatynyň Tulak etrabynyň gözegçiligi Talibanyň eline geçipdi. 

Soňky 2 aýda Owganystanda Talibanyň gözegçiligi astyna geçen etraplaryň sany 15-den geçdi. 



Degişli Habarlar