Idlibde Çaknyşyksyz Zolakda Guralan Hüjümde 3 Adam Ýaralandy

Ýaralananlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy

1657356
Idlibde Çaknyşyksyz Zolakda Guralan Hüjümde 3 Adam Ýaralandy

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler we tarapdary Eýranyň gözegçiligi astyndaky terrorçy toparlaryň Idlibde çaknyşyksyz zolakda guran hüjüminde asuda ilatdan 3 adam ýaralandy.

Idlibiň günorta gündogarynda ýerleşýän Maarratünnuman etrabyna ornaşan Asada tabynlykdaky güýçler, Idlibiň günortasyndaky M4 gara ýolunyň ugrunda ýerleşýän Magara, Beýnin we Kensefra obalaryna gury ýerden hüjüm gurady.

Hüjümde ikisi çaga, biri zenan 3 adam ýaralandy. Ýaralananlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.



Degişli Habarlar