Hytaýda tebigy gaz partlamasynda ilkinji kesgitlemelere görä 11 adam ýogaldy
Hytaýyň Hubeý welaýatynda tebigy gaz partlamasynda ilkinji kesgitlemelere görä 11 adam ýogaldy.
Resmiler Hubeý welaýatynyň Şyýen şäherindäki ýaşaýyş zolaklarynyň birinde düýn ýerli wagt bilen sagat 06:30-da tebigy gaz partlamasynyň bolandygyny mälim etdiler.
Partlamada azyndan 11 adamyň ýogalandygy, 37 adamyň bolsa ýaralanandygy habar berildi.
Saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri ýaralanan 37 adam bilen birlikde jemi 144 adamyň hassahanada bejergi astyna alynandygy barada maglumat berdiler.
Gözleg we halas ediş toparlary wakanyň bolan ýerinde gözleg we halas ediş işlerini dowam etdirmek bilen birlikde, ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.
Partlamanyň näme sebäpli bolandygy bilen bagly entek resmi beýanat berilmedi.
Degişli Habarlar
Malaýziýada 2 harby dikuçar çakyşdy
Malaýziýada 2 harby dikuçaryň çakyşmagy netijesinde 10 adam ýogaldy