Beýik Britaniýanyň Şa zenany II Ýelizaweta ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşdy

Beýik Britaniýanyň Şa zenany II Ýelizaweta ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we aýaly Jill Baýden bilen duşuşyk geçirdi

1657525
Beýik Britaniýanyň Şa zenany II Ýelizaweta ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşdy

G7 maslahatynyň çäginde Beýik Britaniýada saparda bolan Jo Baýden we aýaly Jill Baýden, Windzor köşgüniň howlusynda gurulan platformada Beýik Britaniýanyň Şa zenany II Ýelizaweta tarapyndan garşylandy. 

Beýik Britaniýanyň Şa zenany II Ýelizaweta bilen çaý içmelerinden ozal Jo Baýden we aýaly Jill Baýden, Şe zenanyň jorasy Dama Annabel Uaýthed bilen tanyşdyryldy. 

Beýik Britaniýanyň Şa zenany II Ýelizaweta, soňky ýyllarda Windzor köşgünde ABŞ-nyň beýleki 4 Prezidentini hem kabul edipdi. 

Jo Baýden Beýik Britaniýanyň Şa zenany II Ýelizaweta tarapyndan kabul edilen ABŞ-nyň 13-nji Prezidenti boldy. 

Beýik Britaniýanyň Şa zenany II Ýelizaweta, soňky gezek bolsa 2019-njy ýylda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Bukingem köşgünde duşuşyk geçiripdi. 



Degişli Habarlar