Afrin etrabynda terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan hüjüm guraldy

Wakada asuda ilatdan 13 adam ýogaldy

1656829
Afrin etrabynda terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan hüjüm guraldy
afrin teror saldirisi.jpg

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylaryň Siriýanyň Afrin sebitinde guran hüjüminde, hususy hassahanada bejergi alýan asuda ilatdan 13 adam ýogaldy. 

Türkiýäniň Hataý welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen ýazmaça beýanatda, Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan gözegçilik edilýän Tel-Ryfat sebitinde ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylar tarapyndan Grad raketa ulgamlary we toplar bilen atylan raketalaryň, Afrin etrabyndaky Hususy Şypa hassahanasynyň Tiz kömek bölümine degendigi mälim edildi.

Beýanatda: "Hassahanada bejergi alýan asuda ilatdan 13 adam ýogaldy, 27 adam bolsa ýaralandy" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #ÝPG/PKK , #hassahana , #Afrin

Degişli Habarlar