Russiýanyň harby-flody Ýuwaş okeanda harby türgenleşik geçirýär

Russiýanyň goşunyna degişli Ýuwaş okean harby-flody, ýerleşýän ýerinden takmynan 4 müň km uzaklykda, Ýuwaş okeanda türgenleşik başlatdy

1655549
Russiýanyň harby-flody Ýuwaş okeanda harby türgenleşik geçirýär

Russiýanyň Goranmak ministrliginden metbugat işgärlerine berilen beýanatda, Ýuwaş okeanyna degişli harby-flodyň harby serkerdeligiň we gözegçilik toparlarynyň taýarlyk meýilnamasyna laýyklykda geçirilýän türgenleşigiň Ýuwaş okeanynyň ortasynda amala aşyrylýandygy mälim edildi. 

Harby-flodyň bazasyndan we wezipe alyp barýan ýerinden takmynan 4 müň km uzaklykda okeanyň ortasynda, kesgitlenen sebitde ýerleşdirilendigi bellenen beýanatda, türgenleşige 20 harby gäminiň, 20 uçarmansyz howa ulagynyň, Tu-142M3 kysymly razwedka uçarlarynyň we Mig-31BM harby uçarlarynyň gatnaşýandygy habar berildi. 

Harby türgenleşigiň näçe wagt dowam etjekdigi barada bolsa maglumat berilmedi. 



Degişli Habarlar