Gresiýada Iş Taşlandy

16 müňden gowrak adam paýtagtda jemlenişdi

1655841
Gresiýada Iş Taşlandy

Gresiýada Işçiler federassiýasynyň çagyryşy bilen işçiler, döwlet gullukçylary, žurnalistler we transport pudagynyň işgärleri iş taşlady.

Iş taşlaýyş paýtagt Afinide gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirdi.

16 müňden gowrak adam paýtagtda jemlenişdi.

Işgärler hökümetiň gündelik iş sagadynyň 10 sagada çykarylmagyny göz öňünde tutýan kanun taslamasyna garşy durýar.

Iş taşlaýyşa oppozisiýadaky ähli partiýalar, saglygy goraýyş işgärleri we žurnalistler hem goldaw berýär.

Iş taşlaýyş sebäpli paýtagt Afinida metro gatnawy bes edildi.

Beýleki tarapdan Salonik şäherinde hem 10 müň adam ýöriş geçirdi.



Degişli Habarlar