“Erdogan Bilen Gepleşik Geçirmäge Dowam Edilmeli"

“Duşuşmak ýerlikli bolar” diýen Makron, Erdogan bilen çuňňur garaýyş tapawudygynyň bardygyny belledi.

1655953
“Erdogan Bilen Gepleşik Geçirmäge Dowam Edilmeli"

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Prezident R. T. Erdogan bilen arasynda çuňňur garaýyş tapawudynyň bardygyna garamazdan gepleşik geçirmäge dowam edilmelidigini aýtdy.

Emmanuel Makron paýtagt Pariždäki Elysse köşgünde metbugata beren beýannamasynda 14-nji iýunda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek NATO-nyň liderler maslahatynyň çaginde Prezident Erdogan bilen duşuşmak isleýändigini belledi.

“Duşuşmak ýerlikli bolar” diýen Makron, Erdogan bilen çuňňur garaýyş tapawudygynyň bardygyny belledi.

Emmanuel Makron “Garaýyş tapawudynyň bardygyna garamazdan biri-birimiz bilen duşuşmaga we gepleşik geçirmäge dowam etmelidiris” diýdi.

Makron, Prezident Erdogan bilen NATO, Siriýa, Liwiýa, Daglyk Garabag we Fransiýanyň “radikalizme” garşy alyp barýan göreşi hakynda pikir alyşmak isleýändigini ýatlatdy.

Erdogana “radikalizme” garşy göreşiň asla yslam dinini nyşana almaýandygyny gürrüň berjekdigini nygtan Makron, Erdogan bilen özara hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak isleýändigini belledi.



Degişli Habarlar