Daşary Ýurt Metbugaty Türk ÝUHU-larynyň Üstünligi Hakda Ýazmaga Dowam Edýär

Germaniýanyň “Die Welt” we grek metbugat organlary türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň (ÝUHU) üstünligine ünsleri çekýärler.

1654361
Daşary Ýurt Metbugaty Türk ÝUHU-larynyň Üstünligi Hakda Ýazmaga Dowam Edýär

“Die Welt” gazeti “Güýçli türk ÝUHU-lary eksportda nädip hit bolýar” söz başyly habarynda, türk ÝUHU-lary hakda analiz berdi.

Habarda NATO agza Polşanyn 24 sany türk ÝUHU-syny almak üçin isleg bildirendigi ýatladylýar.

Türk ÝUHU-larynyň ýokary tehnologiýa eýedigi nygtalyp; “ABŞ-nyň we Ysraýylyň ýerini Türkiýe eýeleýär” sözlemini saýlap alan gazet, ençeme ýurdun “Baýraktar TB2” almak isleýändigini hem nygtaýar.

Grek metbugaty hem iň gowularyň hatarynda durýan “Baýraktar TB2” bilen Türkiýäniň Yragyň demirgazygynda, Siriýada we Garabagda özüni subut edendigi nygtalyp, Türkiýäniň öz serhetlerinde-de pozisiýasyny berkidendigi mälim edildi.

Gresiýanyň habar saýtlaryndan biri bolsa “Türk ÝUHU-lary näme sebäpden şeýle köp satylýar” söz başysyny saýlap aldy.

Habarda türk ÝUHU-larynyň synagdan geçirilen we ulanylýan ýerleriniň ählisinde doly kanagatlanma döredendigi ýatladylýar.



Degişli Habarlar