Owganystanyň demirgazygynda ýene-de bir etrap Talibanyň gözegçiligi astyna geçdi

Owganystanyň demirgazygyndaky Farýab welaýatynyň Döwletabad etraby Talibanyň gözegçiligi astyna geçdi

1653894
Owganystanyň demirgazygynda ýene-de bir etrap Talibanyň gözegçiligi astyna geçdi

Farýab welaýat Şurasynyň wekili Abdul Mennan Kati, Talibanly başbozarlaryň iki gün bäri Döwletabad etrabyna hüjüm guraýandygyny habar berdi. 

Hüjümleriň netijesinde şu gün irden etrabyň merkeziniň Talibanyň gözegçiligi astyna geçendigini aýdan Kati, etrabyň merkezindäki häkimlik binasyndaky 30 howpsuzlyk gullukçysyndan bolsa habar alyp bolmaýandygyny mälim etdi. 

Farýabyň welaýat Şurasynyň başga bir wekili bolan Abdul Ahad Ilbek bolsa hüjümde 2 howpsuzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny aýan etdi. 

Taliban şeýlelik bilen maý aýynyň başyndan bäri ýurtda 8 etrabyň gözegçiligini ele geçirdi. 



Degişli Habarlar