Mişel Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Mişel bilen Putin, täze görnüş koronawirus epidemiýasy we sanjymlar ýaly meseleler hakynda hem pikir alyşdy

1653593
Mişel Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

ÝB Geňeşinden berlen beýannama görä, Mişel telefon söhbetdeşliginde geçen aý geçirlen ÝB-niň liderler maslahatynda Russiýanyň ÝB-ne garşy alyp barýan meçew beriji syýasatlarynyň ýazgarlandygyny ýatlatdy.

Mişel, ÝB-niň Ukrinanyň garaşsyzlygyna, territorial bitewiligine we özygtyýarlygyna goldaw berýändigini nygtady we Russiýanyň Minsk ylalaşygyna laýyklykda herkeket etmegini isledi.

Mişel, Belarus bilen ÝB-niň arasynda ýolagçy uçary we ýolagçylardan belarusly žurnalistiň saklanmagy meselesinde başdan geçirilýän dartgynlykdan soň ÝB-niň Belarusa goýjak sanksiýalary hakynda Putine maglumat berdi.

Belarusly syýasy tussaglylaryň boşadylmagynyň we milli dialogyň başladylmagynyň ähmiýetine ünsi çeken Mişel “Russiýa, krizisiň parahatçylykly ýagdaýda çözülmeginde esasy rol oýnap biler” diýdi.

Mişel bilen Putin, Liwiýa, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky başdan geçirilýän wakalar, täze görnüş koronawirus epidemiýasy we sanjymlar ýaly meseleler hakynda hem pikir alyşdy.



Degişli Habarlar