Şri-Lankadaky silde ýogalan adamlaryň sany artdy

Şri-Lankda döwletinde bolan sil apatynda ýogalanlaryň sany 14 adama ýetdi

1652623
Şri-Lankadaky silde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýurtdaky Tebigy apat dolanşyk merkezi tarapyndan berilen beýanatda, 3-nji iýundan bäri dowam edýän aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda 14 adamyň ýogalandygy, 66 adamyň halas edilendigi, 2 adamyň bolsa dereksiz ýitendigi mälim edildi. 

Beýanatda sil apaty sebäpli 800-e golaý öýe zeper ýetendigi, 5 müňden gowrak adamyň bolsa howpsuz ýere göçürilendigi aýan edildi. 

Ýurtda suwyň aşagynda galan ýollar sebäpli sebitdäki aragatnaşyk ýollarynyň kesilendigi bellenen beýanatda, tebigy apatyň 245 müň adama ýaramaz täsir ýetirendigi habar berildi. 

Beýleki tarapdan Şri-Lankanyň goşuny goldaw maksatly sebite 33 adamdan ybarat topar gönükdirdi. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Şri-Lanka

Degişli Habarlar