Talibana Garşy Howa Hüjümi Guraldy

Howa hüjüminde azyndan 20 adamyň ýogalandygy habar berildi

1652076
Talibana Garşy Howa Hüjümi Guraldy

 

Owganystanyň goşunlarynyň ýurduň günortasynda ýerleşýän Helmand welaýatynda Talibana garşy guran howa hüjüminde azyndan 20 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Harby goşundan berlen beýannamada Helmand welaýatynyň Nahr Saraž etrapçasynda terk edilen harby merkezi talan Talibana garşy guralan howa hüjüminde 20 başbozaryň ýogalandygy nygtaldy.

Beýannamada, hüjümde ýogalanlaryň arasynda asuda ilatdan hem birnäçe adamyň bardygy ýatladyldy.

Taliban tarapyndan berlen beýannamada bolsa howa hüjümde asuda ilatdan 30 adamyň ýogalandygy nygtaldy.

Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid, owgan goşunyny asuda ilaty nyşana almak bilen günäkärledi.



Degişli Habarlar