Putin, Baýden Bilen Duşuşygyndan Uly Netijä Garaşmaýar
Wladimir Putin ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen geçirjek duşuşygynyň netijelerinden uly zada garaşmaýandygyny aýtdy
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen geçirjek duşuşygynyň netijelerinden uly zada garaşmaýandygyny aýtdy
Putin Peterburgdaky Halkara ykdysadyýet forumynyň çäginde rus habarlar gullugy “TASS” tarapyndan guralan, “Anadoly” habarlar gullugy bilen bilelikde halkara habarlar gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň soraglaryna wideokonferensiýa arkaly jogap berdi.
Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda durup geçen Putin, ABŞ-nyň özara gatnaşyklary dartgynlaşdyrýandygyna ünsi çekip: “Russiýa-ABŞ gatnaşyklaryny bu derejä getiren biz däl” diýdi.
Iki ýurduň biri-birine sarpa goýup, bähbitlerine ünsli çemeleşmelidigini nygtan Putin, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen 16-njy iýunda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde duşuşjakdygyny ýatlatdy.
Wladimir Putin: “Bu duşuşykdan uly netijelere garaşmaýaryn. Emma Russiýa tarapyndan sebäp bolunmadyk dartgynlyklara garamazdan utgaşýan bähbitlerimiz bar” diýdi.
Baýdeniň tejribeli syýasatçydygyny beýan eden Putin, duşuşygyň oňyn geçmegini tama edýändigini aýtdy.
Degişli Habarlar
ABŞ Tokaý Ýangynlaryna Garşy Göreşýär
Ýangynda 1 million gekdarlyk tokaýyň ýanyp kül bolandygy bellenildi.