Alžir Türkiýe Bilen Deňiz Gatnawynyň Ýola Goýulmagy Hakyndaky Ylalaşygy Tassyklady

Tassyklanan ylalaşyk 1998-nji ýylda gazanylypdy

1651670
Alžir Türkiýe Bilen Deňiz Gatnawynyň Ýola Goýulmagy Hakyndaky Ylalaşygy Tassyklady

Alžiriň Prezidenti Abdulmajid Tabbun Türkiýe bilen ýolagçy we söwda harytlarynyň gatnadylmagyny üpjün etjek deňiz gatnawy hakyndaky ylalaşygy tassyklady.

Abdulmajid Tabbun tarapyndan 5-nji maýda gol çekilen Prezidentiň permany düýn resmi gazetde çap edildi. tassyklanan ylalaşyga görä iki ýurduň arasynda gämi gurluşygynyň we abatlaýyş işleriniň ýany bilen port gurluşygy boýunça hem tehniki hyzmatdaşlyk ediler.

İki ýurduň arasynda ýolagçy we söwda gatnawyny artdyrjak ylalaşygyň 1998-nji ýylyň 25-nji maýynda gazanylandygyna garamazdan Ažir tarapy ony şu günki güne çenli tassyklamandy.

Türkiýe bilen Alžiriň arasyndaky söwda mukdary 3,5-4,2 milliard dollar aralygynda üýtgeýän bolsa, ýurduň resmileri şol söwda mukdaryny 5 milliard dollara ýetirmek isleýändiklerini beýan edýärler.

Prezident Tabbun çarşenbe güni fransuz žurnallaryndan “Le Pointe” beren interwýusynda ýurdunyň hiç hili syýasy talap bildirilmezden 5 milliard dollara barabar maýa goýan türkler bilen kämil gatnaşyklarynyň bardygyny beýan edipdi.

 

 



Degişli Habarlar