Tähranyň Nebiti Gaýtadan İşleýän Zawodunda Ýangyn Boldy

Eýranyň paýtagty Tähranda bolan ýangynda adam pidasynyň çekilmändigi habar berilýär

1650777
Tähranyň Nebiti Gaýtadan İşleýän Zawodunda Ýangyn Boldy

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň habar bermegine görä Şehid Tondguýan adyndaky nebiti gaýtadan zawodda bolan uly ýangyn sebäpli desganyň işi bes edildi.

Ýangyn sebäpli şäheriň üstüni tüsse gurşap aldy. Wakanyň bolan ýerine ýangyn söndürijiler we tiz kömek ulaglary ugradyldy.

Ýangynyň näme sebäpden ýüze çykandygyny anyklamak üçin derňew işi başladyldy.



Degişli Habarlar