Alžiriň Prezidenti: "Türkler bilen ajaýyp derejede gatnaşyklarymyz bar" diýdi

Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbun, hiç hili syýasy tamakinligi bolmadan ýurtda takmynan 5 milliard dollarlyk maýa goýan türkler bilen ajaýyp derejede gatnaşyklarynyň bardygyny habar berdi

1650900
Alžiriň Prezidenti: "Türkler bilen ajaýyp derejede gatnaşyklarymyz bar" diýdi

Fransiýanyň hepdelik çap edilýän "Le Point" žurnalyna beýanat beren Tebbun, Türkiýäniň Magrib sebitindäki barlygy, Alžire nähili garaýandygy baradaky soraga "Bizi biynjalyk etmeýär" diýip jogap berdi we iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň ajaýyp derejededigini mälim etdi. 

Alžiriň Prezidenti: "Türkler syýasy tamakinligi bolmadan Alžirde 5 milliard dollar maýa goýdy. Bu gatnaşykdan biynjalyk bolýanlar olaram gelsin we bu ýere maýa goýsunlar" diýip belledi. 

Tebbun Fransiýanyň Alžiri ekspluatasiýa eden ýyllarynyň dowamynda halkyň ezýet çekendigini, taýpa-tireleriň ýok bolandygyny we obalaryň dolulygyna ýakylandygyny, 1945-nji ýylda 45 müň adamyň ýogalandygyny ýatladyp: "Alžir Fransiýadan ähli günälerini bir kemsiz boýun almagyna garaşýar" diýip nygtady. 

Fransiýanyň ýurdunda eden jenaýatlary sebäpli, maddy ýagdaýda öweziň dolunmagyna garaşmaýandyklaryny aýdan Tebbun: "Fransiýadan ýadro synaglaryň geçirilen ýerlerini arassalamagyny isleýäris" diýip belledi. 

Abdulmejid Tebbun, Alžiriň käbir Arap ýurtlarynyň Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyndan soň, Arap Bileleşiginiň içinde mundan beýläk agzybirligiň galmandygyny aýdyp, bileleşigiň reforma edilmeginiň gerekdigini beýan etdi. 

Prezident Tebbun ýurdunyň Palestina Döwletiniň doly ýagdaýda ykrar edilmeden Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmajakdyklaryny aýan etdi. 



Degişli Habarlar