“4-nji Iýulda Kowid-19-dan Garaşsyzlygymyzy Yglan Ederis”

Baýden sanjymlama kampaniýasyny başladandyklaryny beýan etdi

1650911
“4-nji Iýulda Kowid-19-dan Garaşsyzlygymyzy Yglan Ederis”

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, 4-nji iýula, ýurduň garaşsyzlyk gününe çenli kämillik ýaşyndan ýokardaky raýatlaryň 70 göterimine Kowid-19 sanjymynyň edilmegi üçin 1 aýlyk kampaniýa başladandyklaryny habar berdi.

Ak Tamda metbugata beýannama beren Baýden, häzirki wagta çenli ýurtda kämillik ýaşyndan ýokardaky raýatlaryň 52 göterimine Kowid-19-a garşy sanjym edilendigine ünsi çekdi we 4-nji iýula çenli şol sany 70 göterime ýetirmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.

Baýden, “Şu gün, kämillik ýaşyndan ýokardaky amerikaly raýatlaryň 70 göteriminiň sanjymlanmagy üçin 1 aýlyk kampaniýa başladýarys. Her bir adam öz üstüne düşýän borjuny berjaý etse, 4-nji iýulda Kowid-19-dan garaşsyzlygymyzy yglan ederis” diýdi.

Ýurtda käbir gatlaklaryň sanjyma garşy durýandygyna ünsi çeken Baýden “Onsuz hem bölünen ýurdumyzyň sanjymly we sanjymsyz hökmünde bölünmegini islemeýärin” diýdi.

 



Degişli Habarlar