Türkiýedäki Howpsuz Syýahatçylyk Şahadatnamasy Bizi Kanagatlandyrdy

Ukrainanyň Syýahatçylyk gullugynyň başlygy Maruana Oleskiw, Türkiýedäki howpsuz syýahatçylyk şahadatnamasy tejribesine kanagatlanma bildirdi

1649566
Türkiýedäki Howpsuz Syýahatçylyk Şahadatnamasy Bizi Kanagatlandyrdy

Oleskiw: “Bu tejribeden Ukrainada peýdalanmak maksady bilen şahadatnamalandyryş hakynda pikir alyşmak üçin gepleşikler geçirdik” diýdi.

Oleskiw Ukraina bilen Türkiýäniň arasynda syýahatçylyk pudagynda bar bolan gatnaşyklar hakynda beýannama berdi.

Aprel aýynda Ukrainanyň Medeniýet we maglumatlar syýasaty ministri Oleksandr Tkaçenkonyň Türkiýä saparynyň ýokary hyzmatdaşlyk üçin gowy başlangyç bolup durhandygyna ünsi çeken Oleskiw; “Ukrainanyň wekiliýeti bilen bilelikde Antalýada bolduk. Myhmanhanalaryň howpsuz syýahatçylyk şahadatnamasy bilen nähili işleýändigini öwrendik, tejribeler bizi kanagatlandyrdy, şahadatnama hakykatdan hem netijeli” diýdi.

Oleskiw, türk hökümetiniň koronawirus pandemiýasynda syýahatçylaryň howpsuzlygyna uly ähmiýet berendigini görendiklerini nygtap: “Aýratynam Türkiýäniň Syýahatçylygy Kämilleşdiriş we Tanadyş Gaznasy hem-de Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen Ukrainada şeýle tejribäni iş ýüzüne geçirmek boýunça gepleşikler geçirdik” diýdi.

Oleskiw, ukrainaly syýahatçylar üçin Antalýadan we Stambuldan daşgary Kappadokiýanyň hem meşhurdygyny, köp sanly ukrainalynyň Türkiýäni ajaýyp deňiz kenarlary bilen tanaýandygyny gürrüň berip, Türkiýäniň tomusky dynç alyş üçin iň gowy destinasiýadygyny nygtady.



Degişli Habarlar