Türkiýäniň Başlangyçlary Netijesinde Togodaky FETÖ Degişli Mekdep Ýapyldy

Bu barasynda Togonyň Daşary işler ministri beýannama berdi

1650371
Türkiýäniň Başlangyçlary Netijesinde Togodaky FETÖ Degişli Mekdep Ýapyldy

Paýtagt Ankarada saparda bolýan Togonyň Daşary işler ministri Robert Dusseý, kärdeşi Mewlüt Çawuşogly bilen geçiren duşuşygyndan son metbugata beýanat berdi.

Dusseý Türkiýäniň başlangyçlary netijesinde Togoda FETÖ degişli bir mekdebiň ýapylandygyny beýan etdi.

Dusseý, ýapylan mekdebiň okuwçylarynyň geljek okuw ýyly başlanda Türkiýänin goldawy we Magaryf gaznasynyň çäginde kämil bilim almaga dowam etjekdigini nygtady.

Dusseý Togonyň Ankarada ilçihana açjakdygyny hem beýan etdi.

Türk işewürlerini Lomä çagyran Dusseý, ýylyn dowamynda Türkiýe-Togo gününiň guralmagyny isleýändigini, şonuň netijesinde Togodaky şertleriň türk işewürlerine tanyşdyrylmagyna şert dörediljekdigini nygtady.



Degişli Habarlar