Eýranyň Iň Uly Harby Gämisi Batdy

Eýranyň Harby deňiz güýçlerine degişli “Hark” atly harby gämi Oman deňizinde batdy

1650058
Eýranyň Iň Uly Harby Gämisi Batdy

Harby gämide Hurmuzgan welaýatynyň Jask portunyň golaýynda mahaly ýangyn bolandygy habar berildi.

20 sagada golaý dowam eden halas ediş işleriniň netijesiz galmagyn soň gäminiň doly batandygy mälim edildi.

Eýranyň harby goşunyndan berilen beýannamada gämidäki ekipažyň halas edilendigi, ýangynyň sebäbiniň bolsa kesgitlenmändigi beýan edildi.

“Hark” gämisinin 40 ýyldan bäri Eýranyň harby deňiz güýçlerinde ulanylýan iň uly gämidigi habar berildi.

 



Degişli Habarlar