Nigeriýada bolan gaýyk pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Günbatar Afrika ýurdy bolan Nigeriýada 26-njy maýda başdan geçirilen ýolagçy gaýyk pajygasynda ýogalanlaryň sany 92 adama ýetdi

1649304
Nigeriýada bolan gaýyk pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Nigeriýanyň Niger ştatynyň gubernatory Atiku Bagudu beren beýanatynda, gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde ýene-de 16 adamyň jesediniň tapylandygyny, şeýlelik bilen ýogalanlaryň sanynyň 92 adama ýetendigini mälim etdi. 

Bagudu, gözleg işleriniň dowam edýändigini habar berdi. 

Nigeriýanyň Niger ştatyndan Kebbi ştatyna 26-njy maýda ýolagçy daşaýan gaýyk, aşa ýük almagy sebäpli Ngsaki diýilen ýerde batdy. Ikä bölünen gaýykda 160 töweregi ýolagçy bardy. 



Degişli Habarlar