Sputnik V Sanjymyna Uly Isleg Bar
Russiýanyň Maýa goýum gaznasynyň başlygy Kirill Dmitriýew Sputnik V sanjymyna dünýä derejesinde uly isleg bildirilýändigini beýan etdi.
“Rossiýa 1” teleýaýlymyna interwýu beren Dmitriýew, bu islegiň sanjymyň netijeli we ynamdar bolmagyndan gelip çykýandygyny aýtdy.
Rus resmisi Sputnik V sanjymynyň netijeliliginin diňe bir rus alymlary tarapyndan däl, eýsem Meksika, Argentina, Wengriýa we rus sanjymyndan peýdalanýan ençeme ýurdun görkrezijileri bilen tassyklanandygyna ünsi çekdi.
Russiýanyň Gamelýa adyndaky ylmy barlag merkezi tarapyndan öndürilen Sputnik V sanjymy häzirki wagtda ilaty 3,2 milliarddan gowrak bolan 66 ýurtda tassyklandy.
Abraýly žurnallardan biri bolan “The Lancet” 3-nji kliniki synaglarynyň netijelerine görä Sputnik V sanjymynyň netijeliliginiň 91,6 göterim hökmünde tassyklanandygy hakynda makala çap edipdi.
Soň bolsa 3,8 milliondan gowrak rus raýatynyň sanjymlanmagy nagy görkeziji analizine esaslanyp, rus sanjymynyň netijeliligi 97,6 göterim hökmünde yglan edildi.
Ýewropanyň Derman Guramasy 4-nji martda Sputnik V sanjymynyň alynky seljeriş tapgyrynyň başlandygyny beýan edipdi.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 371 günden bäri Gaza Sektorynda edýän genosidi hakynda maglumat berildi.