Lawrow ÝB bilen syýasy gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň wagtynyň gelendigini belledi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň wagtynyň gelendigini belledi

1649091
Lawrow ÝB bilen syýasy gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň wagtynyň gelendigini belledi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, paýtagt Moskwa şäherinde Russiýa-ÝB gatnaşyklary bilen bagly geçirilen maslahatda eden çykyşynda: "Ýagdaý örän kyn. Ýewropa materigi ozal görülip eşidilmedik ynam krizisini başyndan geçirýär. Gündogary bölmek bilen bagly çyzgylar çekilýär" diýip habar berdi. 

Günbatar ýurtlarynyň halkara kada-kanuny berjaý etmeýändigini aýdan Lawrow, Russiýanyň we hyzmatdaşlarynyň içerki işlerine goşulýandygyny mälim etdi. 

ÝB-niň özüni Russiýadan aýyrýandygyny aýdan Lawrow, ÝB bilen dogruçyl we deňhukukly hyzmatdaşlyk etmäge taýardyklaryny aýan etdi. 

Lawrow: "Bu bolsa täze dostlukly bolmadyk ädimlere, güýje esaslanýan aragatnaşygy ýola goýmak tagallalaryna we içerki işlerimizi goşulmaga reaksiýa bermejekdigimiz manysyna gelmeýär" diýip nygtady.  

Russiýa bilen ÝB-niň arasynda komissiýalar derejesinde käbir meseleler boýunça tehniki gatnaşyklaryň dowam edýändigine ünsleri çeken Lawrow: "Syýasy gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin wagtyň gelendigini pikir edýäris" diýip belledi. 


Etiketkalar: #ÝB , #Russiýa , #Sergeý Lawrow

Degişli Habarlar