“Owganystan Howpsyzlyklaryny Üpjün Edip Biljek Güýje Eýe”

Ýens Stoltenberg, Owganystanda hökümetiň we harby goşunyň, halkara güýçler bolmasa hem ýurduň howpsyzlyny üpjün edip biljekdigini nygtady.

1647388
“Owganystan Howpsyzlyklaryny Üpjün Edip Biljek Güýje Eýe”

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Owganystanda hökümetiň we harby goşunyň, halkara güýçler bolmasa hem ýurduň howpsyzlyny üpjün edip biljekdigini nygtady.

Stoltenberg AP gullugyna beren beýannamasynda, “Owganystan, hem güýçli we ukyply howpsyzlyk güýçleriniň döredilmeginde hem-de sosial we ykdysady taýdan uly öňe gidişlik etdi. Owganlar öz ýurtlarynda howpsyzlygyň we durnuklylygyň jogapkärçiligini öz üstüne alyp biler” diýdi.

NATO-nyň Owganystanda 20 ýyla golaý wagt bäri howpsyzlygyň üpjün edilmegine goldaw berýändigini nygtan Stoltenberg “Owganystanda hökümet we harby goşun, özlerine goldaw berjek halkara güýçler bolmasa hem öz howpsyzlyklaryny üpjün edip biljek güýje eýe” diýip belledi.

Stoltenberg, NATO agza ýurtlaryň howpsyzlyk güýçlerine maliýe kömegini bermäge we Kabul bilen Talibanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerine goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi.



Degişli Habarlar