Gaares Gazeti Öldürilen Gazaly Çagalaryň Fotosuratyny Baş Sahypadan Berdi

Ysraýylyň hüjümlerinde 67 çaga öldürilipdi

1646703
Gaares Gazeti Öldürilen Gazaly Çagalaryň Fotosuratyny Baş Sahypadan Berdi

Ysraýylyň köp tiražly gazetlerinden “Gaares” şu günki sanynda Ysraýylyň goşunynyň gabaw astyndaky Gaza Sektorunda 10-njy maýda başladan we 11 gün dowam eden hüjümlerinde ýogalan gazaly çagalaryň fotosuratlaryny çap etdi.

“Gaares” gazetiniň ibrani dilindäki neşriniň birinji sahypasy Ysraýylyň goşunlarynyň Gaza Sektoruna guran hüjümlerinde aradan çykan palestinaly çagalara bagyşlandy.

Hüjümlerde aradan çykan çagalaryň fotosuratlaryna orun berilen habar üçin; “gazada 67 çaga öldürildi, urşuň netijesi bu” söz başysy ulanyldy.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä Ysraýylyň 10-njy maýda başlan we 21-nji maýda gazanylan ylalaşyk netijesinde bes edilen hüjümlerinde 66 sanysy çaga, 39 sanysy zenan jemi 254 palestina aradan çykypdy.



Degişli Habarlar