Baýden Kowid-19-yň Gelip Çykyşynyň Öwrenilmegi Üçin Görkezme Berdi

Degişli habarnamanyň 90 günüň dowamynda taýarlanmagyna garaşylýar

1646868
Baýden Kowid-19-yň Gelip Çykyşynyň Öwrenilmegi Üçin Görkezme Berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden howpsuzlyk gulluklaryndan koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça alynyp barylýan işleriň depgininiň güýçlendirilmegini we özüne 90 günüň dowamynda habarna hödürlemeklerini isländigini beýan etdi.

Baýden düýn beren ýazmaça beýannamasynda 2020-nji ýylyň başlarynda ýüze çykan günlerinde Kowid-19-yň gelip çykyşyny öwrenmek üçin ABŞ-nyň Hassalyklara gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň Hytaý bilen işleşmegi üçin çagyryş berendigini mälim etdi.

Amerikaly alymlaryň, wirusyň ýüze çykan günlerinde barlag geçirmeginiň önüniň alynmagynyň wirusyň gelip çykyşy bilen bagly ähli barlaglara päsgel ýetirendigini nygtan Baýden, emma muňa garamazdan 2021-nji ýylyň martynda Milli howpsuzlykdan jogapkär geňeşçisi Jek Sýulliwana Kowid-19-yň gelip çykyşy bilen bagly habarnama taýarlamaklary üçin görkezme berendigini mälim etdi.

Aýyň başynda mesele boýunça habarnama alandygyny we mesele bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam etjekdigini nygtan Baýden; “Häzirki wagtda ABŞ-nyň Howpsuzlyk gulluklary iki ssenaride birleşýär, emma anyk netijä gelmediler” diýdi.

 



Degişli Habarlar