Haýsy Ýurduň Näçe Ýaragy Bar?

Russiýa, özüniň we ABŞ-nyň Strategik ýaraglaryň azaldylmagy hakyndaky täze ylalaşygyň düzümine degişli bolan ýaraglaryň sanyny çap etdi

1645139
Haýsy Ýurduň Näçe Ýaragy Bar?

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň çap eden resminamasynda Täze START şertnamasynyň çäginde 1-nji martdan başlap Russiýanyň 517 we ABŞ-nyň 651 sany materiklerara ballistiki raketasynyň, deňizasty ballistiki raketasynyň we harby uçagynyň bardygy beýan edilýär.

Resminama görä Russiýa ornaşdyrylan 1456 sany materiklerarasy we deňizasty ballistiki raketa bilen ýadry ujuna eýe bolan bolsa, ABŞ-nyň elinde şol raketa uçlaryndan 1357 sanysy bar.

Aýratynam rus tarapynda 767, Amerikan tarapynda bolsa 1800 sany ornaşdyrylan we ornaşdyrylmadyk materiklerarasy we deňizasty ballistiki atyş ulgamynyň bardygy beýan edildi.

Resminamada ABŞ-mnyň käbir ýerasty raketa atyş ulgamlaryny gaýtadan atlandyrandygy we şol ulgamlary ylalaşyga degişli etmegi kabul etmändigi beýan edilýär.

ABŞ-nyň Sowet Soýuzy bilen 1991-nji ýylda, Russiýa Federasiýasy bilen 1993-nji ýylda gol çekişen Startegik ýaraglaryň azaldylmagy hakyndaky ylalaşygyň dowam bolan “Täze START” ylalaşygy Waşington bilen Moskwanyň arasynda geçiren soňky ýadro gepleşigi.

Ylalaşyk uzak aralykly ýadro ýarag uçlaryny we raketalary çäklendirýär.

2011-nji ýylyň 5-nji fewralynda güýje giren 10 ýyllyk ylalaşygyň möhleti 2021-nji ýylyň 5-nji fewralynda gutarypdy. Amerikan hökümet ylalaşygyň möhleti 5 ýyllygyna uzaltmak hakynda karar kabul edendigini habar beripdi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin hem ylalaşygyň möhletiniň uzaldylmagy hakynda karara 29-njy ýanwarda gol çekipdi.



Degişli Habarlar