Awstriýada lukmanlar ýaşuly adamyň ýalňyş aýagyny kesdiler

Awstriýada geçirilen hirurgik operasiýada 82 ýaşyndaky adamyň ýalňyşlyk bilen çep aýagynyň ýerine sag aýagy kesildi

1644724
Awstriýada lukmanlar ýaşuly adamyň ýalňyş aýagyny kesdiler

Awstriýanyň Freistadt sebitindäki klinikalaryň biri, ýaşuly adama edilen hirurgik operasiýadaky tragiki ýalňyşyny kabul etdi. 

Biri-birinden tapawutly keselleri bolan we şol keseller sebäpli 2 aýagyna hem zyýan ýeten 82 ýaşyndaky adamyň çep aýagynyň kesilmeli bolan ýagdaýa gelendigi aýan edildi. 

Emma hirurgik operasiýadan ozal ýalňyş aýagynyň bellige alynmagy sebäpli ýaşuly adam ýagdaýy has gowy bolan aýagyndan mahrum boldy. 

Klinikadan berilen beýanatda, ýalňyşlygyň ençeme ýalňyş ýagdaýyň emele gelmegi netijesinde bolandygy mälim edildi. 

Waka bilen baglanşykly derňew işiniň dowam edýändigi we bular ýaly wakanyň gaýtalanmazlygy üçin standartlaryň ýaňadandan gözden geçiriljekdigi habar berildi. 

Mundan başgada ýaşuly adama pisihiki taýdan goldawyň berilýändigi beýan edildi. 



Degişli Habarlar